AŞGABATDA “AMUL-HAZAR 2018” (TURKMEN DESERT RACE) HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda, “Sport” myhmanhanasynyň konferens-zalynda Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara awtorallisini geçirmek bilen bagly bolup duran meseleler bilen tanyşmak maksady bilen media-forum geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Telewideniýe, Radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gatnaşmagynda gurnaldy.

Forumyň işine awtoulaglar dünýäsiniň öňdebaryjy hünärmenleri, halkara ulaglar guramalarynyň ýolbaşçylary, Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem Türkmenistandaky akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, 16 ýurduň habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli KHBS-ň wekilleri gatnaşdylar. Media-forumyň görnükli düzümi dünýaniň habarlar giňişliginiň halkara awtorallisine bolan uly gyzyklanmasyna şaýatlyk edýär.

Ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, awtorallini gurnamak işindäki jogapkär bolan daşary ýurt gurnaýjylar şeýle hem dürli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary ýakynda boljak “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara rallisine taýýarlyk işleri barada doly aýdyp berdiler. «Africa Eco Race» atly ralli-marafonynyň Baş direktory Žan-Lui Şlesser şeýle ýaryşlaryň geçirilmeginde bolan tejribesi bilen paýlaşdy we hemme berilen soraglara doly jogap berdi.

  Plenar sessiýalaryň barşynda media-foruma gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryndan, ençeme ýaşaýyş ýerlerinden geçip, Garagum çölüni kesip geçjek awto ýaryşlaryň KHBS-ň maglumat üpjünçiligi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem foruma gatnaşyjylara Türkmen sportynyň gazanan üstünlikleri we döwlet Baştutanymyzyň şol ugurda alyp barýan syýasatyny beýan edýän wideo şekiller görkezildi.

Türkmenistan halkara derejesindäki iri sport çäreleri, olaryň arasynda awtoulag sport çärelerini geçirmekde üstünlikli tejribä eýe bolmak bilen öz halkara abraýyny ýokary galdyrýar. “Amul-Hazar-2018” halkara awtoralli ýaly gymmatly, döwlet derejesinde amala aşyrylýan taslama bolsa bu toplanan tejribäni baýlaşdyrar.

Foruma gatnaşyjylar medeni meýilnamanyň çäginde Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesine, soňra bolsa Halkara atçylyk-sport toplumyny görmäge bardylar, ol ýerde myhmanlara Ahalteke atlarynyň dogumlylygy, gözelligi we okgynlylygy görkezildi. Şeýle hem gatnaşyjylar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport awtoulaglar merkezine, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we “Nusaý” medeni-taryh goraghanasyny görmäge bardylar.