Seulda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Koreýa Respublikasynyň Hankuk daşary ýurt bilimleri uniwersitetinde (HUFS) Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi.
Bu maslahata Koreýa Respublikasynyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Merkezi Aziýa ýurtlaryň Seulda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary we diplomatlary, Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we talyplary, hem-de bu ýurtda bilim alýan türkmen talyp ýaşlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew çykyş edip, ol Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni ugurda gazanan üstünlikleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan birnäçe gezek ykrar edilen hemişelik oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti barada aýratyn nygtady. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň taryhy we onuň türkmen halkynyň milliligi bilen arabaglanşygy barada aýtmak bilen Ilçi çärä gatnaşyjylary Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem çykyşyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada durlup geçildi. Hususan-da soňky 5 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda amala aşyrylan ýokary derejedäki saparlar, ykdysady-söwda hyzmatdaşlygyň dowamly ýokarlanýan görkezijileri we türkmen-koreý halklarynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk barada diňleýjilere ýetirildi.
Ýurdumyzda bu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýeti, Ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň taryhyndaky we medeniýetindäki möhüm orny barada aýtmak bilen Ilçi bu ýylyň şygarynyň Koreýa Respublikasynda giňden bellenilýän «Byeong-o» ýagny «Alawly bedew» ýyly bilen gabat gelmeginiň aýratyn nyşandygyny belledi.
Soňra açylyş sözi bilen Hankuk daşary ýurt bilimleri uniwersitetiniň professory jenap Kim Bongçul çykyş edip, Türkmenistan bilen ylym-bilim ugrunda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hakynda durup geçdi. Hususan-da iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bar bolan we ýola goýulmagy mümkin bolan ugurlar hakynda öz pikirlerini beýan etdi.
Soňra maslahatda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Ri Joň-kuka söz berildi. Ol öz çykyşynda esasan hem ýurdumyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk we Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berip, Ýakyn gündogar sebitinde bolup geçýän ýagdaýlar sebäpli koreý raýatlaryny Eýran Yslam Respublikasyndan öz çäginiň üsti bilen çykarmakda beren ýardamlary üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Şeýle hem jenap Ri Joň-kuk Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ilkinji «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» sammiti barada gürrüň berdi.
Maslahatyň «Türkmenistanyň we Koreýanyň hyzmatdaşlygynyň taryhy» atly ikinji bölüminde Koreýa Respublikasynyň Joongbu uniwersitetiniň professory jenap Mehmet Fatih Öztarsu we Koreýa Respublikasynyň BMG Assosiasiýasynyň (UNA-ROK) Baş sekretarynyň orunbasary hanym Danbi Kim çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhy, häzirki bolup geçýän geosyýasy ýagdaýlaryň çäklerinde Türkmenistanyň eýeleýän wajyp orny we parahatçylygy goldamakda alyp barýan işleri barada diňleýjilere maglumatlary ýetirdiler.
Halkara maslahatyň çäklerinde türkmen medeniýetine degişli esbaplaryň, el işleriň we milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem guraldy.
Çäräniň dowamynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.