TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş sapary bilen gitmekligi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşar.