img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşyk barada

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna saparynyň çäklerinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türki döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 2024-nji ýylyň mart aýynda Birleşigiň düzümine kabul edilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bu formatdaky ýurtlaryň arasynda bilelikdäki önümçilik zynjyrlarynyň esaslaryny döretmegiň mümkinçiliklerine garaldy.