img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gysga duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara meýillerini ýene-de bir gezek tassykladylar.