img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Baku halkara deňiz portunda «Gadamly» gury ýük gämisiniň dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Baku halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisini dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi.

Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi G.Elýasow, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ulag-logistika düzümleriniň wekilleri, degişli edaralaryň ýolbaşçylary hem-de iki ýurduň resmi wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda gämi gurluşyk pudagynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Şeýle hem bu taslamanyň ýurduň senagat we ulag kuwwatynyň barha artýandygyny, şeýle-de Hazar sebitindäki söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýändigini nygtady.

Şeýle hem, çärede Baku halkara deňiz söwda portynyň direktory we "Azerbaýjan demir ýollary" ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary çykyş edip, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň ulag düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginiň möhümdigini bellediler. Çykyşlarda Hazar sebitiniň Gündogar–Günbatar halkara ulag ugurlarynyň möhüm bölegi hökmünde strategik ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Çärä gatnaşyjylar «Gadamly» gämisiniň ulanylmaga berilmeginiň deňiz ýük daşamalarynyň ösdürilmegine hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdiler.