TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ SEBITLERINIŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLAR ÖSÝÄR

2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň we Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň döwlet gurluşynyň wekilleriniň, senagatçylaryň, işewürleriň hem-de medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda sergi we işewür forum geçirildi.

Işewür forumyň gün tertibinde geljekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylara Daşoguz we Horezm welaýatlarynyň ösüşleri bilen tanyşdyrýan wideo şekilleri görkezildi. Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barmaga uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň serhetýaka welaýatynyň wekiliýetiniň sapary özara bähbitli we sebitara gatnaşyklaryň ösmegine itergi berdi.

Türkmen tarapyň mähirli garşylandyklary we işewürler duşuşygyny ýokary derejede gurnalandygy üçin sagbolsun aýdyp, özbek wekiliýeti gazanylan ylalaşyklaryň konstruktiwleýin döwletara gepleşikleri çuňlaşdyrmaga we berkitmäge ýardam etjekdigini ynamly bellediler.

Duşuşyk Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda medeniýet ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy.