img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde guralan mejlise GDA-nyň Baş sekretary, guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Soňra GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň dar düzümdäki mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Wekiliýet ýolbaşçylary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlara öz gatnaşyklaryny milli bähbitleri we ösüşiň umumy maksatlaryny nazara almak bilen guramaga, durnukly ykdysady ösüş üçin ägirt uly mümkinçilikleri netijeli ulanmaga, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk platformasy hökmünde guramanyň möhüm ornuny bellediler.

Halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň esasylarynyň biri boldy. Arkalaşyga agza döwletler ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýärler. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň ulgamyň düzümlerini doly güýjünde herekete getirmäge, hususan-da, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini bilelikde netijeli ulanmaga taýýardyklary tassyklanyldy.

Şeýle hem gatnaşyjylar GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini geçirmek meselelerine seretdiler. Soňra geňeşiň 111-nji mejlisiniň işi giňişleýin düzümde dowam etdi.

Mejlise gatnaşyjylar GDA giňişliginde durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny we onuň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary berkitmäge, döwletleriň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam berýändigini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda ýurdumyzyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň GDA-nyň giňişliginde işjeň gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilendigi bellenildi. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda, geçen döwrüň içinde GDA-nyň ugry boýunça birnäçe wajyp duşuşyklar we maslahatlar geçirildi hem-de ýene-de birnäçe iri çäreleri guramak meýilleşdirildi. Şolaryň hatarynda oktýabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetine üns çekildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramanyň çäklerinde tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmekde möhüm ugur hasaplanýar. GDA-nyň Ýewraziýadaky ornuny pugtalandyrmaga, iri yklym, sebit hem-de halkara taslamalara uzak möhletleýin esasda gatnaşmaga, döwrebap ulag, energetika infrastrukturasyny, senagat, tehnologik zynjyrlaryny döretmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy esasy ýolgörkeziji bolup durýar.

Däp bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlykda aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar lukmançylyk biliminiň üznüksizligini gazanmak, käbir ýokanç keselleriň öňüni almak we soňuna çykmak, sagaldyş, şypahana-dynç alyş, bejeriş işini guramak, arhiw işini ösdürmek, guramanyň býujet meseleleri ýaly ugurlary hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew öz çykyşynda ähli mejlise gatnaşyjylaryň, Ýerine ýetiriji komitetiň adyndan myhmansöýer türkmen topragynda Ykdysady geňeşiň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döredilen şertler we bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi bellenip geçildi.

Baş sekretar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem beýan etdi. Şunuň bilen birlikde, şanly senäniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi arzuw edildi.

Ykdysady geňeşiň 111-nji mejlisiniň netijeleri boýunça durmuş-ykdysady işiň dürli ugurlary boýunça strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi we tassyklanyldy.

Mejlise gatnaşan wekiliýetleriň agzalary duşuşygyň ahyrynda forumyň ýokary derejede guralandygy hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan goşandy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.