img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda iki taraplaýyn, şeýle hem sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlara seredildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, taraplar halkara guramalarynyň, esasan hem BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.