img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabat şäher häkimliginiň wekiliýeti Şäher syýahatçylygy boýunça 2-nji Bütindünýä sammitine gatnaşdy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymowyň ýolbaşçylygyndaky Aşgabat şäher häkimliginiň wekiliýeti Pusan şäheriniň häkiminiň çakylygy boýunça 2-nji Bütindünýä şäher syýahatçylygy sammitine gatnaşdy.

Çäre «Paradise Hotel Busan» myhmanhanasynda «Ýerli syýahatçylyk: şäher ykdysadyýetiniň we syýahatçylyk innowasiýalarynyň arabaglanyşygy» şygary astynda geçirildi. Çäräniň guramaçylary bolup Pusan şäher häkimligi, Global şäherleriň syýahatçylygyny ilerletmek boýunça gurama hem-de Pusan syýahatçylyk guramasy çykyş etdiler. Sammitiň işine 700-e golaý adam, şol sanda 16 ýurduň 31 şäheriniň wekiliýetleri, halkara guramalaryň wekilleri, bilermenler we syýahatçylyk pudagynyň kompaniýalary gatnaşdylar.

2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda wekiliýet sammitiň resmi çärelerine gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň häkimi 20-ä golaý şäheriň ýokary derejeli wekillerini birleşdiren Häkimleriň tegelek stolunyň mejlisinde çykyş etdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi öz çykyşynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň binýady hökmünde hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ak mermerli paýtagt hem-de halkara maslahatlary, sergileri we forumlary geçirmek üçin meýdança hökmünde Aşgabadyň mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň desgalary (Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaýyň Parfiýa galalary) barada gürrüň berdi. R.Gandymow şäher syýahatçylygy ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmagy, medeni alyş-çalyşlary, bilelikdäki sergileri we festiwallary, şeýle hem syýahatçylyk guramalarynyň, myhmanhana işewürliginiň, maýadarlaryň we bilim edaralarynyň özara gatnaşyklaryny öz içine alýan şäherleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklipleri öňe sürdi hem-de sammite gatnaşyjylary Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Şol gün Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň Pusan şäheriniň häkimi Çon Je Su bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Pusan şäheriniň häkimine çakylyk we mähirli myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi, döwrebap syýahatçylyk düzümini we sanly hyzmatlary ösdürmekde, şeýle hem şäher syýahatçylyk ugurlaryny halkara derejede ilerletmekde Pusanyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirip, Aşgabadyň Pusan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, şol sanda medeni alyş-çalyşlar we syýahatçylyk guramalarynyň hyzmatdaşlygy babatda ösdürmäge taýýardygyny nygtady hem-de Pusan şäheriniň häkimini Aşgabada gelip görmäge çagyrdy.

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmen wekiliýeti sammitiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite mejlisine — «Syýahatçylyk arkaly täze arabaglanyşyklar: Koreýa Respublikasy we Merkezi Aziýa» atly sessiýa gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň wekili öz çykyşynda Aşgabadyň we onuň töwereginiň syýahatçylyk mümkinçilikleri, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen desgalar, şeýle hem paýtagtyň döwrebap myhmanhana düzümi bilen tanyşdyrdy we Türkmenistanyň BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Bütindünýä syýahatçylyk şäherleriniň federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny belledi.

Şol gün sammitiň çäklerinde Gunam-ro köçesinde dünýä şäherleriniň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň sergisi bolan «Global City Tourism Roadshow» çäresi geçirildi. Türkmenistan bu çärä ýörite diwarlyk bilen gatnaşyp, onda Türkmenistanyň we onuň paýtagty Aşgabadyň medeni mirasy, milli däp-dessurlary, taryhy ýadygärlikleri hem-de syýahatçylyk mümkinçilikleri baradaky eksponatlar we maglumatlar görkezildi. Diwarlyk sergä gelýänlerde we sammite gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.