img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy

photo

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy.

Sammit Garaşsyzlyk köşgünde geçirildi. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II mähirli garşyladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Bu ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Iordaniýanyň Patyşasy, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli mejlisiniň başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, GDA-nyň ugurdaş edaralarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri, emeli aň howpsuzlygy ulgamyndaky halkara bilermenler we beýlekiler gatnaşdylar.

Sammitiň gün tertibine emeli aň ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak hem-de bu ugurda Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ugurdaş düzümleriniň hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamynyň wekilleriniň tagallalaryny birleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş etmek bilen, Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlary beýan etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany: “Türkmenistan halkara ähmiýetli teklipleri öňe sürmek bilen, dünýäde uzak möhletli howpsuzlygy, ilkinji nobatda, öňüni alyş diplomatiýasyny işjeňleşdirmek, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak, şeýle hem parahatçylyk, ynanyşmak we syýasy dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek arkaly üpjün edip boljakdygyndan ugur aldy” diýip belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde berk howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de Akaba prosesiniň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge netijeli goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem sammitiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.