img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

photo

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Ahmet Çalyk wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan şu gezekki saparynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmagynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030—2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” tassyklanandygyna ünsi çekip, bu giň möçberli strategiýany durmuşa geçirmäge türk kompaniýalarynyň uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

“Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda türkiýeli işewürleriň iş alyp barmaklaryna döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Işewür Türkmenistandaky iri infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagyň türk kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk türkiýeli hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine hem-de özlerine ynanylan desgalardaky ähli işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.