Türkmen diplomatlary Tegu şäherinde duşuşyk geçirdiler

2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri iş sapary bilen Tegu şäherine bardylar we duşuşyklar geçirdiler.

Iş saparyň çaklerinde türkmen diplomatlary Tegu şäheriň häkiminiň orunbasary bilen dokma senagatynda we saglyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar,  Türkmenistanyň dokma we saglyk ulgamynda iş alyp barýan hünärmenleriň Koreýa Respublikasynda hünär derejesini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, Ilçihanaň wekilleri saglyk syýahatçylygynda we hyzmatddaşlygynda iş alyp barýan Tegu şäherinde ýerleşýän «Tegu Medisiti» merkezine hem-de dokma boýagçylyk, suw arassalyýjy «Dyetec» ylmy-barlag institutyna baryp gördüler.