Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanowyň baştutanlygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasyna 2018-nji ýylyň 29-31 awgustynda resmi sapar bilen geldiler.

2018-nji ýylyň 29-njy awgustynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde iki döwletiň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ilkinji duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýolbaşçylar ikitarplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini, iki döwletiň tejribelerini öwrenmek, gümrük gullugynyň wekilerini Koreýa Respublikasynda tejribe alyşmaklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Saparyň dowamynda özara düşünşmekli hakynda beýannama gol çekildi.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetine Pusan şäheriniň halkara deňiz portunda, Pusan şäheriniň gümrük gullugynyň müdürliginde,  Inçhon şäheriniň we и Pusan şäheriniň Gimhe howa menzillerinde duşuşyklar guraldy.