Türkmen diplomatlary Kwanju şäherinde ýerleşýän Aziýa medeniýet merkezine baryp gördüler

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda türkmen diplomatlary Günorta Çonla welaýatynyň Kwanju şäherinde ýerleşýän Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň Aziýa medeniýet merkezine baryp gördüler.

Saparyň esasy maksady Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda medeniýet ulgamynda goýulan hyzmatdaşlygy has hem giňeltmekden ybarat. Taraplar medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen ertekileriniň we kitaplarynyň çap edilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.