Türkmenistanda döwletiň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda Konstitusion kanun kabul edildi

Türkmenistanda döwletiň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda Konstitusion kanun kabul edildi

Türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýaşulylar maslahatynda döwletiň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda Konstitusion kanun kabul edildi.

Kabul edilen Konstitusion kanun ýurtda  syýasy ulgamy hasda kämilleşdirmeklige, döwletiň we jemgyýetiň tapgyrlaýyn demokratiýalaşdyrylmagyna, hususan-da syýasy köp dürlülige we köp partiýalylyga gönükdirilen konstitusion üýtgeşmeleriň logiki taýdan dowamy bolup durýar.

Bu işleriň iň esasy netijeleriniň biri hem, Türkmenistanda – ýurduň taryhynda ilkinji gezek – Adam hukuklary boýunça Doly ygtyýarly wekil wezipesiniň girizilmegidir.

 Konstitusion kanun kabul edilmezden ozal ol ýurduň syýasy partiýalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, zähmet toparlarynda giñden maslahatlaşyldy. Täze kanunyñ taýýarlanmagynda ýurduň raýatlaryndan gelýän teklipler we islegler hem göz öňünde tutuldy.