Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işine başlady

Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işine başlady

2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işine başlady. Bu forumyň işine 10 sany halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 65 sany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar.

Forumyň birinji mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş Geňeşiniň (ESKATO), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Geňeşiniň (UNECE), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Halkara deňiz guramasynyň (MMO) we Demirýol hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) wekilleri çykyş etdiler.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek barada, häzirki wagtda halkara ulag guramalary tarapyndan bütin dünýäde halkara ulag geçelgelerini giňeltmek üçin guramaçylyk we hukuk taýdan edilýän işler barada pikir alyşdylar.

Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işini dowam edýär.