Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň baş «howa derwezesi» hasaplanjak, Aşgabat şäherindäki täze Halkara howa menziliniň toplumynyň dabaraly açylşyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasy, Döwletara awiasiýa komiteti, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Migrasiýa boýunça halkara guramasy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa Komiteti hem-de beýleki birnäçe halkara we sebit guramalarynyň wekilleri türkmen paýtagtyna ýygnandylar. Şeýle hem açylyş dabarasyna dünýäniň 25 ýurdundan awiakompaniýalaryň we howa gulluklaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýar.

Täze howa menzili islendik howa şertlerinde howa ulaglarynyň ähli görnüşlerini hem-de ýükgöterijiligi kabul etmek bilen birlikde hyzmatlaryň halkara standartlaryny üpjün edýär. Aňrybaşy häzirki zaman howa menziliniň sagatdaky geçirijilik ukyby 2000 ýolagça deňdir. Halkara howa menziliniň toplumy üç sany terminaldan – ýolagçy, VIP şeýle hem ýük terminaly hem-de uzynlygy 3800 metre deň bolan täze uçuş-gonuş meýdançasyndan, dolandyryş binasyndan, howa gämileri üçin duralga we perron ýerlerinden, howa hereketlerini dolandyryş minarasyndan we beýleki desgalardan ybaratdyr. Aero menziliniň toplumynyň umumy meýdany 1200 gektara barabardyr.

Häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny kemala getirmek Türkmen döwletiniň Baştutanynyň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýa boýunça başlangyçlarynyň esasy özeni bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlaryna laýyklykda, täze Halkara howa menziliniň toplumynyň açylmagy türkmen awiasiýasyny has-da depginli ösdürmäge, özara bähbitli söwda-ykdysady we netijeli ynsanperwer aragatnaşyklaryny, syýahatçylygy işjeňleşdirmäge, Türkmenistanyň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagyna ýardam eder.