Türkmenistanda halkara sport media-forumy açyldy

Düýn irden Aşgabatda sport media-forumyna gatnaşyjylar, ýagny  halkara sport žurnalistleriniň we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Gyrgyzystanda geçirilen II Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlaryna gatnaşyp, tapawutlanan türkmen türgenlerine baýrak gowşurmaklyga bagyşlanyp geçirilen dabaraly çärä gatnaşdylar. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. 

Media-foruma gatnaşyjylar sporty ösdürmekligi hemişe üns merkezinde saklaýandygy, žurnalistleriň we işewür adamlaryň netijeli işleri alyp barmaklarynda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler we türkmen türgenlerini gazanan üstünlikleri bilen gutladylar.
Soňra paýtagtymyzdaky “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe hem-de 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan media-forumyň açylyşy boldy.
Nobatdaky media-forumyň geçirilmegi Türkmenistan döwletimizi sportuň üsti bilen bütindünýä tanatmaklygyň aýdyň ugrudygyny tassyklaýar. Forumyň işine dünýäniň 29 döwletinden daşary ýurtly  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we sport hünärmenleri hem-de synçylary, şeýle hem Türkmenistanyň ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Media-forumyň başynda Aziýanyň sport žurnalistleriniň güni we V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan  çärä gatnaşyjylara  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag sözi okaldy.
Forumyň ilkinji üç sessiýasynda Halkara  sport metbugaty assosiasiýasynyň, Aziýa sport metbugaty assosiasiýasynyň, birnäçe döwletleriň sport žurnalistikasy federasiýasynyň, “Al Jazira”, “Евразия-TВ” teleýaýlymlarynyň görnükli wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýokary derejeli sport çäerlerini gurnamak işlerindäki ähmiýetini, şeýle-de Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça bilelikdäki çäreleriň netijeliligini ösdürmek meselelerini maslahatlaşan beýleki abraýly guramalaryň agzalary çykyş etdiler. Forumyň işiniň başlanan wagtyndan başlap, oňa gatnaşyjylaryň köpüsi özleriniň neşirlerinde türkmen türgenlerini sylaglandyrmak dabarasyny, forumda maslahatlaşylýan meseleleriň doly hasabatlaryny beýan etdiler, şeýle hem Aziada-2017 taýýarlyk depginlerine ýokary baha berdiler (“atavatan-turkmenistan.com” we “aipsmedia.com”saýtlaryna seret).
Şu gün, 21-nji sentýabrda, forumyň jemleýji, dördünji sessiýasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport oýunlarynda netijeli işleriniň guramaçylygy bilen baglanyşykly meseleleri we ýaryşlary şöhlelendirmekde teleradio kompaniýalaryň ähmiýetini maslahatlaşmak öňe sürüler. Foruma gatnaşyjylara sportuň V Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyna giren görnüşleri boýunça görkezme çykyşlar görkeziler. 
Ertir Aziýanyň sport žurnalistleri gününde, media-forumyň meýilnamasy boýunça Aziýanyň halkara sport metbugaty assosiasiýasy tarapyndan sporty ösdürmäge özleriniň önjeýli goşandyny goşan žurnalistleri sylaglamak dabarasy geçiriler. Şeýle-de media-foruma gatnaşyjylar ”Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, “Köw-Ata” ýerasty kölüne we ajaýyp Gökderä baryp görerler.