TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI

2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Lýudmila Rýumina adyndaky medeni folklor merkezinde bu gezek ugry Moskwa we Sankt-Peterburga uzap gidýän Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy uly gala konsert bilen başlandy.

Açylyş dabara Russiýanyň medeniýet edaralarynyň jogapkär işgärleri, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurtly diplomatlar, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, KHBS wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, Russiýa Federasiýasynyň sebitlerindäki türkmen diasporalarynyň wekilleri gatnaşdylar.   

Medeniýet günleriniň çäklerinde şol gün Bütinrussiýa amaly-haşam we halk sungatynyň muzeýinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly sergi geçirildi. Onuň eksponatlary sergä gelen ähli ýaşdaky adamlary özüne çekdi. Birwagtda özünde hem gadymylygy, hem döwrebaplygy sazlaşykly jemlän aýal-gyzlaryň ussatlyk bilen tikilen geýimleri we kümüş şaý-sepleri hem-de beýleki eksponatlar adamlarda aýratyn uly gyzyklanma döretdi.  

Şeýle-de Medeniýet günleriniň meýilnamasynyň çäklerinde fotowernisaj hem gurnaldy. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň türkmen koridorynyň bir böleginde ýerleşýän binagärçilik ýadygärlikleri we Türkmenistanyň muzeýlerinde ýerleşen seýrek duş gelýän arheologiki tapyndylar barada beýan etdi. 

Russiýanyň medeni paýtagtynda – Sankt-Peterburgda geçiriljek ynsanperwer baýramçylygy Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäreleriniň jemleýjisi bolar. Sankt-Peterburgyň W.F.Komissaržewskaýa adyndaky akademiki drama teatrynda türkmen artistleriniň kalp ýylylyklarynyň paýlaşylmagy meýilleşdirilýän gala-konsert geçiriler.

Uçgunly reňklere baý bolan bu çäreleriň ählisi rus we türkmen halklarynyň arasyndaky gyzgyn, dostlukly gatnaşyklaryň subutnamasy bolup durýar.