PORTUGALIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen gelen Portugaliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) hanym Paula Lil Da Silwa bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Portugaliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini jogapkärli wezipä girişmegi bilen gutlady we türkmen-portugal hyzmatdaşlygyny giňeltmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar ikitaraplaýyn hukuk-şertnama binýadyny berkitmegiň zerurlygy, işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we maýa goýumlaryny höweslendirmekdäki mümkinçiliklere seretmegi ylalaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar iki döwletiň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygy berkitmekde düýpli esas goýjak dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak barada gepleşdiler.