AŞGABATDA «HAZAR DEŇZI – GARA DEŇZI» HUG TASLAMASY BOÝUNÇA BILERMENLER DUŞUŞYGY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Aşgabatda Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň, şeýle hem ÝB-niň Kontakt burosynyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda «Hazar deňzi – Gara deňzi» halkara ulag geçelgesiniň (HDGD–HUG) taslamasy boýunça dört taraplaýyn bilermenler duşuşygy öz işine başlady.

Çykyşlaryň dowamynda wekiliýet ýolbaşçylary agza-ýurtlarynda bar bolan ykdysady mümkinçiliklerini bellemek bilen, köptaraplaýyn özaragatnaşyklarynyň gün tertibinde ulag hyzmatdaşlygynyň wajyp ähmiýetini bellediler.

Sessiýalar görünşindäki duşuşyklarynyň dowamynda gatnaşyjylar sebitara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde HDGD–HUG- niň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Agza-ýurtlarynda bar bolan ulag infrastrukturalary we olary giňeltmegiň mümkinçilikleri babatda maglumatlar alyşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar dört ýurduň ulag ulgamyndaky milli kanunçylygynyň meselelerini, şeýle hem HDGD–HUG-niň döredilmegine ýardam etjek hukuk-kadalaýyn namalaryň milli derejelerde işlenilmeginiň we ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

25-nji oktýabrda «Hazar deňzi – Gara deňzi» halkara ulag geçelgesiniň taslamasy boýunça dört taraplaýyn bilermenler duşuşygy ulag geçelgesini gurnamak boýunça zerur şertlerini döretmegiň çäreleriniň toplumyny işläp taýýarlamak meseleleri boýunça öz işine sessiýalar görnüşinde dowam eder. Duşuşygyň netijesi boýunça HDGD–HUG taslamasy boýunça dört taraplaýyn duşuşygynyň Teswirnamasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.