TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŽENEWADA “DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEK ÜÇIN SPORTDA MAÝA GOÝMAK” ATLY MEJLISŇ IŞINE GATNAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça mejlisiniň Bütindünýä maýa goýum hepdesiniň forumynyň çäklerindäki “Durnukly ösüşe maýa goýmak” ady bilen geçýän, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça mejlisi, Halkara Olimpiýa komiteti bilen birlikde “DÖM-na ýetmek üçin sportda maýa goýmak” atly mejlisi gurnaldy.

Mejlise BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Maýkl Möller, Halkara Olimpiýa komitetiniň wise-prezidenti Huan Antonio Samaranç, belli sportsmenler, hususy maýadarlar, BMG-niň agentlikleri we maksatnamalary, şeýle hem Ženewada okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Mejlisiň gatnaşyjylary sportuň ýaşlaryň we zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrýan sport başlangyçlarynyň tejribesini durnukly ösüş üçin serişdeleriň mobilizasiýasyna gönükdirilen şeýle hem syýasaty, başlangyçlary we tejribäni kabul ediji döwletleriň we şäherleriň sport wakalarynyň we sport syýahatçylygynyň sporty ösdürmäge berýän täsiriniň mehanizmini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem-de öňümizdäki Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly iri halkara ýaryşlaryny geçirmekdäki tejribesine aýratyn üns çekildi.