TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETINIŇ RUMYNIÝA IŞ SAPARY

2018-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda Rumyniýanyň Parlamentiniň  Deputatlar Palatasynyň  deputaty, türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Istwan-Ýanoş Antalanyň çakylygy esasynda, türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň agzalary bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Rumyniýada iş saparynda boldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Parlamentiniň türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň agzalary, deputatlar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we olaryň geljekdäki ösüşiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Senatynyň Wise-spikeri Adrian Susuýan, Parlamentiň Aşaky Palatasynyň (Deputatlar Palatasynyň) Wise-spikeri Ýeudjen Nikoliçea we Deputatlar Palatasynyň Daşary işler boýunça Komitetiniň başlygy Rozalýa-Ibolýa Biro bilen duşuşyklar geçirdi.

Saparyň meýilnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Dan Nekulaesku bilen hoşallyk duşuşygyny geçirdi.