TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE RUMYNIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mariýa Magdalena Grigoreniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. 

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynda amala aşyrylan işleriň üstünde durup geçdiler we geljekde olary ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar ulag ulgamyna aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň ösen ulag infrastrukturasynyň bardygyny belläp, taraplar Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň miltimodal gatnawlaryny amala aşyrmakdaky ornuny aýratyn bellediler.

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň ugurlarynyň hatarynda taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyny hem belläp, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmekde bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryna üns berdiler.