AŞGABATDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ENERGETIKA BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ ALTYNJY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Energetika boýunça kiçi komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi.

Toparyň işine iki ýurduň nebitgaz ulgamyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň we hususy guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Kiçi komitetiň hytaý tarapynyň başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça Döwlet müdirliginiň başlygy j-p Li Fanžun boldy.

Iki ýurduň wekiliýet ýolbaşçylary türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygynyň diňe bir ikitaraplaýyn ähmiýeti bolman, eýsem Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady integrasiýasynyň gidişine oňyn täsir edýändigini we sebitleýin howpsuzlygynyň hem-de durnukly ösüşiň berkidilmeginiň wajyp faktory bolup durýandygyny bellediler.

Gepleşikleriň çäginde nebit we gaz, gazhimiýa hem-de elektroenergetika pudaklarynyň wajyp meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny seljerdiler we energetika ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.