RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITAPLARYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda”, “Türkmensitan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” we “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä Diplomatik institutyň wekilleri, Rumyniýanyň jemgyýetçilik wekilleri we alymlary, bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryndan düzülen türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

Çykyş edenler türkmen döwletiniň Baştutanynyň täze işlerinde ýurduň baý tebigy baýlyklara eýe bolan täsirli önümçiliginiň, adamzat we infrastrukturalaýyn kuwwatynyň okgunly ösüşiniň ýagdaýlarynyň suratlandyrylýandygy barada bellediler. Kitaplarda Durnukly ösüş maksatlaryny üpjün etmekligiň çäklerinde milli we pudaklaýyn meýilnamalary, sosial-ykdysady mazmunly iri taslamalary durmuşa geçirmeklik hakda aýdylýar.

Mundan başga-da çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurduň daşary syýasatynyň täzeçilligi, häzirki zamanyň meselelerini ylmy taýdan esaslandyrylan, dinamiki we jogapkärçilikli ýol arkaly çözgütleriň kabul edilýänligi bilen tapawutlanýandygy barada aýdyldy.

Täze kitaplarda Türkmenistanyň BMG bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini, dünýäde we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly wajyp meseleleriň çözgüdinde ylalaşylan ählumumy hereketlerdäki jebisleşmek ýagdaýlarynyň işjeň agzasydygyny çykyş edenler tarapyndan nygtaldy.

Şeýle hem çäräniň ahyrynda Ilçihana tarapyndan gatnaşyjylar üçin kabul edişlik guraldy.