Koreýanyň ösüş institutynyň Halkara ösüş Merkeziniň direktory bilen duşuşyk gecirildi

2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Koreýanyň ösüş institutynyň Halkara ösüş Merkeziniň direktory bilen duşuşygy geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen bu Institutyň arasynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk meseleler bellenilip geçildi, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşiň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýulmagy bellenildi.