TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UNAMA-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Tadamiçi Ýamamotonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

 Duşuşygyň dowamynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygy ýaly ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýdaşlygyň mizemez nusgasy hökmünde goňşy Owganystan bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine, doganlyk döwletde parahatçylygyň we ylalaşygyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtadylar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň BMG tarapyndan kabul edilen halkara-hukuk namalaryna laýyklykda dünýä bileleşiginiň tagallalary bilen utgaşdyrylýandygy hem bellenilip geçildi.

Taraplar mundan beýläk hem global, ilkinji nobatda Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa ornaşdyrylýan iri taslamalara Owganystanyň işjeň çekilmegini hem-de şunuň bilen birlikde ýurtda parahatçylygyň, howpsuzlygyň ýola goýulmagynda tagallalary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda wekiliýet öz nobatynda Türkmenistan tarapyndan ikitaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalary bilen özara hyzmatdaşlygynyň çarçuwasynda Owganystanyň durmuş-ykdysady infarstrukturasynyň ösdürilmeginde, owgan halky üçin parahat durmuşyň ýola goýulmagynda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegine kanagatlanma bildirdi.