TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ISPANIÝA SAPARY TAMAMLANDY

2019-njy ýylyň 19-21 fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäginde Alikant şäherindäki “Torrewýeha” suw süýjediji zawodynyň işi we gurluşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Daşky gurşawy özgerttmek ministrliginde duşuşyk geçirdi, hususan-da ministrligiň Döwlet sekretary we bölüm başlyklary bilen duşuşdy.

Soňra «Toray», «Torishima», «Arflu», «Bel», «Protec Arisawa», «Eleusis», «Rufepa» we «Hermisan» kompaniýalary suw süýjediji zawodlar we elektrostansiýalar üçin sorguçlar, suw süýjediji desgalar üçin klapanlar we gaplar, mal üçin topraksyz ösýän iými öndürmek üçin enjamlar, ýyladyşhana enjamlary we damjalaýyn suwarma enjamlary hakyndaky prezentasiýalar bilen çykyş etdiler.  Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti  «Talgo»,  «Italmatç»  we «Termomekkanika Pompe» kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler.

Iş saparynyň ahyrky gününde wekiliýetiň agzalary Calle de Tierra de Barros şäherindäki sorguç öndürýän «Flowserve» atly kärhana baryp gördüler. Ol ýerde suw süýjediji desgalar we elektrik stansiýalar üçin sorguçlary öndürmek we olary şol önüm bilen üpjün etmek meseleleri barada pikir alşyldy.