img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-KOREÝ TOPARYNYŇ ÝEDINJI MEJLISI GEÇIRILDI

photo

2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi. Taraplar özara pikir alyşdylar we hyzmatdaşlygyň ugurlary bilen bagly anyk ädimleri kesgitlediler.

Şeýle hem şol gün türkmen-koreý işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine ýüzden gowrak döwlet we işewürler wekilleri gatnaşdylar.

Bu mejlise we maslahata gatnaşyjylar özara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.