Koreýa Fondunyň diplomatlar üçin koreý dili we medeniýeti atly okuw maksatnamasynyň açylyş dabarasy

2019-nji ýylyň 8-nji martynda Seul şäherinde Koreýa Fondunyň diplomatlar üçin koreý dili we medeniýeti atly okuw maksatnamasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu açylyş dabarasynd Koreýa Fondunyň ýolbaşyçylary, Koreýa Respublikasynda ýerleşýän Ilçihanalaryň ýolbaşyçylary we okuw maksatnamasynyň agzalary gatnaşdylar.

2019-njy ýylda geçirilýän maksatnamada Türkmenistan tarapyndan gatnaşýan wekili bilen bilelikde jemi 42 döwletiň agzalary muňa gatnaşýarlar. Resmi açylyş dabarasynda çykyş edenler bu okuw maksatnamanyň koreý dilini we medeniýetini ösdürmekde, Koreýa Respublikasynyň ykdysadyýetiniň taryhyny we dostlukly gatnaşyklaryny wagyz edilmeginiň wajypdygyny bellediler.