Koreýa Respublikasynyň Milli saýlaw komisiýasynyň Baş Sekretary bilen duşuşyk geçirildi.

Koreýa Respublikasynyň Milli saýlaw komisiýasynyň Baş Sekretary bilen duşuşyk geçirildi.

Şu ýylyň 19-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi M.Mämmetalyýew Koreýa Respublikasynyň Milli saýlaw komisiýasynyň Baş Sekretary Kim Dae-nyeon bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini  şeýle hem, bu ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle-de, milli saýlaw toparlarynyň arasynda saýlawlary guramaçylykly hem-de ulgamlaýyn geçirmegiň usullary boýunça terjibe alyşmagy we geljekki hyzmadaşlyklary maslahatlaşdyrlar.