“Merkezi Aziýanyň bahary, Nowruz” segisiniň açylyş dabarasy geçirildi

2019-njy ýylyň 20-nji martynda Seul şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň galereýasynda “Merkezi Aziýanyň bahary, Nowruz” segisiniň açylyş dabarasy geçirildi

Bu dabaraly çärä Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Merkezi Aziya-Koreya hyzmatdaşlyk Forumynyň ýolbaşçysy, Merkezi Aziya-Koreya hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariatynyň ýolbaşçysy, Koreýa Respublikasynda ýerleşýän Diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri, medeniýet we taryh ulgamynda iş alyp barýan profesorlar, ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we başgalar gatnaşdylar. 2019-njy ýylyň 20-nji martyndan 28-nji apreli aralygnda geçiriljek bu dabaraly çäreleriň çaklerinde her bir Merkezi Aziýa döwletiniň hepdeliginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şeýle hem 2019-njy ýylyň 27-28-nji apreli aralygynda Seul şäheriniň merkezinde ýerleşýän Çongeçon seýilgähinde Merkezi Aziýa döwletleriniň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.