Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň Söwda Senagat Palatasynyň gurnamagynda seminar geçirildi

Şu ýylyň 25-nji ýanwarynda Koreýa Respublikasynyň Söwda Senagat Palatasynyň gurnamagynda Seul şäherinde "2017 Central Asia Economic Outlook Seminar" atly seminar geçirildi.

Bu seminaryň işine Merkezi Aziýa ýurtlaryň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanalarynyň diplomatlary şol sanda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekili hem gatnaşdy. Şeýle hem seminara 90-dan gowrak iri koreý kompaniýalarynyň wekilleri geljekki hyzmatdaşlyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin gatnaşdylar.  

Seminaryň maksady ýurtlaryň arasynda söwda ykdysady hyzmatdaşlyklaryň meselelerini, häzirki wagtdaky koreý kompaniýalarynyň maýa goýum we geljekki hyzmatdaşlyklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmekden ybarat bolup, seminaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça pikir alyşmalar boldy.