Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary amala aşyrar

photo

2019-njy ýylyň 1-nji aprelinde geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ýakynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Bu özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidir.

Döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şunda türkmen-koreý dostluk toparlarynyň işi biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga ýardam edýär. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň esasy şerti bolup durýar. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan üç ugry — suw, ulag we energetika diplomatiýasy boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy nygtaldy.

Ýurdumyzda öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň işlemegi üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar, olar nebiti gaýtadan işleýän hem-de gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň başynda geçirilen Hökümetara toparyň mejlisiniň netijeli häsiýeti bellenildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň barşynda döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň 40-a golaýyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, şu günler bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda däbe öwrülen deňhukukly, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak arkaly ýola goýulýan dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykýandygyny aýtdy. Dürli ugurlardaky döwletara gatnaşyklar köptaraplaýyn esasda we abraýly halkara, sebitara guramalaryň düzümleriniň çäklerinde berkidilýär.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet, senagat ulgamlaryndaky özara bähbitli türkmen-koreý gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de ösdürmek, netijeli işewür gatnaşyklaryny we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň doly derejede amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz senagatlaşdyrmak ulgamyny esasy ugur edinýän Türkmenistanyň täze ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, täzeçil usullar esasynda işleýän önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, koreý hyzmatdaşlarynyň bu ugurdaky tejribelerini özleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu babatda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde koreýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurlan polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny üstünlikli ösdürilýän netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ulag-logistika pudagy, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar.

Ynsanperwer ulgamy, hususan-da, ylym-bilim ulgamy türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Dostlukly döwletiň Lideriniň Türkmenistana döwlet saparynyň barşynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan buýana-da pugtalandyrmak maksady bilen, resminamalara gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bu ugurdaky işleriň has-da işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berer.

Şeýlelikde, hyzmatdaşlygy hemme taraplaýyn giňeltmek üçin mäkäm binýadyň döredilýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli pudaklarda netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksadynda täsirli çäreleri amala aşyrmak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparyna ýokary guramaçylykly taýýarlygy üpjün etmegi tabşyrdy, saparyň dowamynda ýurdumyzyň käbir welaýatlaryna hem baryp görmegiň nazarda tutulýandygyny aýtdy.