TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE IRLANDIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Irlandiýanyň Premýer-ministriniň ýörite wekili, Ilçi Dewid Donahýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlylygyny bellediler. Halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanarly belläp, taraplar 2021-2022-nji ýyllarda  BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň geljekki saýlawlarynda Irlandiýanyň dalaşgärligini goldamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.  

Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara saparlaryň, hususan-da ýokary derejeli wekiliýetleriň saparlarynyň amala aşyrylmagynyň wajyp orny hakynda bellediler. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň soňunda ýa-da 2020-nji ýylda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirmek, şeýle-de parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, iki ýurduň parlamentleriniň deputatlarynyň saparlaryny guramak mümkinçiligine hem seredildi.    

Irlandiýanyň wekiliýeti iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem-de bilelikdäki ykdysady taslamalary işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Dürli ugurlar boýunça resminamalaryň taslamalarynyň toplumyny taýýarlamak meselesi hem garalmaga hödürlendi.      

Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak üçin, taraplar Irlandiýanyň işewürleriniň saparlaryny guramak we işewürler forumyny geçirmek arkaly iki ýurduň işewürleriniň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurtda Medeniýet günleri, sergileri we başga-da medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek barada pikir alyşdylar.