Koreýa Respublikasynyň Piýoňçoň şäherinde Ashgabat 2017 oýunlary tanyşdyryldy

 Koreýa Respublikasynyň Seul we Piýoňçoň şäherlerinde Sport Metbugatynyň halkara Assosasiýasynyň 80-nji kongresi geçirildi. Nobatdaky gezek geçirilýän kongrese Türkmenistanyň wekilýeti bilen bilelikde 100 döwletden 200-den gowrak halkara jurnalistleri we myhmanlar gatnaşdy. Nobatdaky  gezek geçirilýän kongres öz işine başlap, Sport metbugatynyň halkara assoasiýasynyň 2016-njy ýylda geçirlen işleri babatynda yklymlar boýunça hasabat çykyşlary gunaldy. Şeýle-de 2017-nji ýylda edilmeli işlere seredilip, bu babatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji aziýa oýunlaryna bagyşlanan çäreleri guramaga ýokary ähmiýet berdiler. Güniň ikinji ýarymynda Türkmenistnyň wekilýeti tarapyndan tanyşdyryş çäresi gurnaldy. Ilki bilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak babatda alnyp barylýan işler we Olimpiýa şäherjiginiň mümkinçilikleri barada gürrüň berildi. Soňra bolsa Türkmenistanyň esasy aýartynlyklary, medeni ýadygärlikleri, hem-de ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny daşary ýurt teleýýalymlarynda göni ýaýlymda gurnamagyň mümkinçilikleri barada gürrüň berildi. Bu abraýly halkara Kongresine gatnaşyjylar Türkmenistanda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler. Soňra maslahata gatnaşyjylara wideorolikler görkezildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bolsa Türkmenistanyň bu babatda alyp barýan işlerini açyp görkezýär. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýapyk binalarada we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna giň gerim berilmegi bolsa, dünýä metbugatynda Türkmenistany giňden ýaýylýandygyna şaýatlyk edýär. -