TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ BA TARAPYNDAN KARARNAMANYŇ WE BMG-NIŇ BA-NYŇ 73-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BIRINJI HYF-NYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYK ETMEGIŇ BEÝANNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2021-nji ýyl» atly Kararnamanyň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýerli we daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, syýasaty öwrenijiler gatnaşdylar.   

Çykyşlarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda guramanyň agza-döwletleri tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2021-nji ýyl» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada aýdyldy. Bu Kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň açylan ilkinji gününde kabul edilendigini bellemek zerurdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň BA-nyň 73-nji mejlisinde eden çykyşyndan alnan «Türkmenistan Baş Assambleýanyň şu gezekki maslahatynyň özara ynamyň pese gaçmagyny ýeňip geçmäge hem-de agza döwletleriň özara düşünişmegini berkitmäge ýardam berer diýip umyt edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýyly Parahatçylyk we Аbadançylyk şygary astynda geçirmek başlangyjy bilen çykyş edýär» diýen sözleri mysal getirildi.

Dünýäniň 73 döwleti bu Kararnamanyň döredijileri bolup çykyş etdiler. Çykyş edenler BMG bilen hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistana özüniň bitaraplyk derejesini sebitleýin durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm düzüjisi hökmünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar. Şeýle hem brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary baradaky wideofilm görkezildi.

Mundan başga-da şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinbiň resminamasy hökmünde kabul edilmeginiň we onuň BMG-niň resmi dilleriniň ählisinde neşir edilmeginiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň derwaýyslygynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy bellenilip geçildi.