HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASY KABUL EDILDI

Howanyň üýtgemegi bilen bagly işleriň amala aşyrylmagynyň Milli resminamasy bolup durýan, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi.

Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere bolan milli garaýyşlary görkezýär we howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen bagly Türkmenistanyň syýasatynyň emele gelmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup durýar.

Howanyň global üýtgemegi meselesiniň çylşyrymlaşmagy gaýragoýulmasyz çäreleriň kabul edilmegine getirdi. Durnukly ösüş maksatlarynyň, şol sanda, 13-nji maksatyň: Pariž ylalaşygy esasynda borçlary öz wagtynda ýerine ýetirmek hem-de howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde gyssagly çäreleriň kabul edilemgi esasynda Türkmenistanyň hökümeti täze meýilnama işläp düzdi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň täzelenen görnüşini taýýarlamaga başlady.

Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy halkara derejesinde alnyp barylýan gepleşiklerde Türkmenistanyň garaýyşlaryny halkara arenasynda görkezýän esasy gural we global howanyň üýtgemegi bilen bagly ylalaşyklaryň çäklerindäki borçlaryň ýerine ýetirilmegi babatynda taýýarlanylýan hasabatlaryň esasy resminamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-2019-njy ýyllarda “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly iki sany Kararnama kabul edildi. Ol ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Aral meselesini çözmek boýunça bilelikdäki işiň doly derejeli halkara guralyny döretmäge degişlidir.

Türkmenistan 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aral deňzi sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça birnäçe teklipleri durmuşa geçirýär.

Bu strategiýa bütin dünýäde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde Türkmenistanyň gazananlarynyň tassyknamasydyr.