TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA KABUL EDILEN ADAMLARA PASPORTLAR GOWŞURYLDY

2019-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi. Pasportlar 14 milletiň wekillerine gowşuryldy. Raýatlyk alanlaryň ýarsyndan gowragy – aýallar we gyzlar.

Dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şeýle-de milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm düzümleriniň biri bolup, onda jemgyýetiň we döwletiň baş baýlygy adam diýlip yglan edildi. BMG-niň agzasy bolmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny hemişe ýerine ýetirip gelýär. Milli kanunçylygyň, BMG-niň bosgunlar hakyndaky we adam hukuklary hakyndaky dürli Konwensiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşaýan adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak hem-de kepillendirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýörelgelerinden ugur alyp, türkmen döwletiniň ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk we döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, adamzat bähbitli we durmuş meselelerine aýratyn üns berip, giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrýar. Halkara ynsanperwer guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, biziň döwletimiz halkara bileleşiginiň tagallalaryna öz oňyn goşandyny goşup, migrantlar, bosgunlar we raýatsyz adamlara kömek etmek we hukuklaryny goramak boýunça maksada laýyk işleri we netijeli hereketleri durmuşa geçirýär.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Türkmenistanyň Prezidentine ugradan haty barada bellemek gerek. Onda ýurdumyzyň Merkezi Aziýada we global derejede raýatsyzlyk meselelerini çözmekde öňdebaryjy orun eýeleýändigi üçin minnetdarlyk bildirilýär.