TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ YKDYSADY WE DURMUŞ MESELELERI BOÝUNÇA ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap Lýu Çženminiň arasynda duşuşyk geçirildi.   

Duşuşygyň barşynda taraplar 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça giňişleýin pikir alşyldy.  

Jenap Lýu Çženmin şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň Syýasy forumynda Türkmenistanyň Meýletin Milli Synynyň üstünlikli tanyşdyrylyşy barada belledi.