ER-RIÝADDA TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ ARASYNDA TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleriniň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş institutynyň hünärmenleriniň arasynda tegelek stol geçirildi.

Tegelek stola Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş institutynyň Baş direktory we akademiki düzümi, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy wekillerinden düzülen türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 

Saud tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen ylmy çäräniň barşynda iki ýurduň wekilleri iki döwletiň syýasy hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki döwrüň derwaýys talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünär derejeli halkaraçy-hünärmenleri we diplomatlary taýýarlamak ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has giňledilmeginiň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.