Seulda «Türkmen-koreý» işewürler geňeşiniň 1-nji mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 24-ni oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Koreýaň Halkara Söwda Assosiassiýasynyň merkezi binasynda «Türkmen-koreý» işewürler geňeşiniň 1-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine iki döwletiň ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri hem-de işewürleri gatnaşdylar. Mejlisiniň dowamynda iki ýurdyň wekiliýetleri nebit we gaz, energetika, suw hojalygy, ulag we aragatnaşyk hem-de senagat ugurlary boýunça ikitarplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň resmi bölüminden soň Koreýaň Halkara Söwda Assosiassiýasynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Türkmen-koreý işewürler geňeşi döretmek hakynda ylalaşyga gol çekdiler.