TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI VII BÜTINDÜNÝÄ SUW FORUMYNA GATNAŞDY

2015-nji ýylyň 12-nji aprelinde Koreýa Respublikasynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň bu ýurda döwlet saparynyň maksatnamasynyň öňünden Tegu şäherinde geçirilýän VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bütindünýä suw Geňeşi (WWC) üç ýyldan bir gezek geçirilýän  Bütindünýä suw forumynyň guramaçysy bolup çykyş etdi. Ol 1996-njy ýylda döredildi we dünýäniň 50-den gowak ýurtlaryndan 300 golaý guramany özünde birleşdirýär. WWC-niň ştab-kwartirasy Marselde (Fransiýa) ýerleşýär.    

Şu gün Teguda bolmak maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti «Daegu EXCO» Sergiler we maslahatlar Merkezine geldi. Bu ýerde Uly mejlisler zalynda Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda ýygnananlaryň öňünde forumyň guramaçylary hem-de çäräni kabul edýän tarapyň wekilleri çykyş etdiler. Global duşuşygyna gatnaşyjylara çäräniň temasyna bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Soňra foruma gatnaşyjylaryň çykyşlary başlandy. Belent mertebeli myhmanlardan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ilkinji bolup söz berildi, bu bolsa öz nobatynda biziň ýurdumyzyň hem-de onuň Lideriniň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdinde täzeçillik hem-de açyklyk çemeleşmeleriniň başlangyçlaýyn ornunyň ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy. Forumyň münberinden çykyş edip, Milletiň Lideri ählumumy gülläp ösüşiň hatyrasyna dünýä jemgyýetçiliginiň tagallarynyň mundan beýläk hem utgaşdyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň anyk tekliplerini beýan etdi.   

Döwlet Baştutanymyzyň belläp geçişi ýaly, Türkmenistan şeýle-de golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen ýokary derejeli interaktiw gepleşikleriň geçirilmegini peýdaly hasaplaýar, onuň netijeleri suw meseleleri boýunça BMG-niň uzakmöhletleýin Ýöriteleşdirilen Maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagy üçin esas bolup biler. Şol bir wagtyň özünde hem biziň ýurdumyz halkara derejesinde “suw diplomatiýasynyň” pikirleriniň işjeň öňe iterilmegi üçin şertleriň döredilmeginiň zerurlygy hakynda birnäçe gezek çykyş edipdi.

Öz çykyşynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow suwa bolan elýeterlilik ýaly möhüm meselede ünsüni jemledi. Bu mazmunda Türkmen Lideri suwa bolan elýeterliligiň adamyň düýpli hukugy hökmünde ykrar edilmegi baradaky BMG-niň başlangyjyny goldady we şeýle çemeleşmäniň esasynda suw serişdelerini ulanmagynyň hem-de olaryň netijeli dolandyrylymagynyň jogapkärçiligiň ählumumy hukuklarynyň bardygyny belläp geçdi.

Öz çykyşyny tamamlamak bilen Milletiň Lideri Türkmenistanyň bu forumyň gün tertibine çykarylan ähli meseleleri we wezipeleri goldaýandygyny belläp geçdi. Biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga hem-de tejribe alyşmaga taýýarlygyny mälim etmeklik bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň ähli gatnaşyjylaryna üstünlik hem-de önjeýli işlemeklerini arzuw etdi.  

VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşýan ýokary derejeli myhmanlaryň bilelikde surata düşmek dabarasy geçirildi.

Forumynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol ýerde, ýagny «Daegu EXCO» Sergiler we maslahatlar Merkezinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Monakonyň Emiri Alber II we Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri Abdelila Benkiran bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçdirdi.  

Soňra Türkmen Lideri «Daegu EXCO» çäginde ýerleşen suw temasy boýunça sergä baryp gördi. Bu ýerde suw tygşytlamak tehnologiýalary we suw ulanyşy, suw üpjünçilik ulgamy, akýan suwlaryň arassaçylygy we peýdaly ulanmagy, deňiz suwunyň arassalanmagy ulgamlarynda işleýän dünýäniň köpsanly ýurtlaryndan bolan kompaniýalar özleriniň işläp taýýarlamalaryny, nou-haularyny we önümlerini görkezýärler. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň öňden bäri işewür hyzmatdaşlary bolan «LG International Corp.» we «Hyundai Engineering Co. Ltd» ýaly dünýä belli koreý kompaniýalary hem bar.

Sergide bar bolan «LG» we «Hyundai» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşyladylar hem-de koreý kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge, oňyn maýa goýum şertleri döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz işlerini giňeltmäge we täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga ýokary gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Sergä aýlanyp bolandan soňra Türkmen Döwletiniň Baştutany Tegu şäheriniň howa menziline ugrady, ol ýerden Koreýa Respublikasynyň paýtagty – Seula ugur aldy.

Bir sagada golaý wagtyň içinde Prezidentiň howa gämisi iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Seulyň Halkara howa menzilinde gondy. Belent Mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň düşelgesinden başlanýan haly düşelen ýodanyň ugru boýunça Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi we ýigrimi bir gezek top atyldy.

Howa menzilinden Türkmen Döwletiniň Baştutany koreý paýtagtynyň merkezinde ýerleşen «Lotte» myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna ugraýar.

 Şeýle hem düýn Seulyň “Prezident” myhmanhanasynda Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20-ýyllygy mynasybetli maslahatyň geçirilendigini hem belläp geçmelidiris. 

2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de soňky ýyllaryň dowamynda hil taýdan täze derejä çykarylan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegi üçin esas goýjak ýokary derejeli türkmen-koreý gepleşikleri geçiriler.