TÜRKMENISTAN BILEN KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER

2015-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler guraldy.Koreý tarapynyň wekiliýetine Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýewropa işleri boýunça departamentiniň baş direktory jenap Park Çul-Min ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň başynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejelidigini belläp taraplar, iki ýurduň Başutanlarynyň halkara başlangyçlaryna wepalydygyny bellediler. Şuňa laýyklykda öz gezeginde syýasy-diplomatik gepleşikleriň ösmegine ýardam berýän iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky syýasy maslahatlaşmalaryň orny bellenildi.

Taraplar Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk Assosiasiýasy hem-de Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýaragsyzlanmak, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagyna garşy göreş we ýadro ýaraglaryndan azat zolaklary döretmek boýunça özara güýçleri birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar bilelikdäki şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit hyzmatdaşlyklaryň çäklerinde dürli maksatly, köpugurly we netijeli iri möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleriniň taslamalary döretmek barada taraplaryň gyzyklanmalary bellenildi.

Şeýle hem iki ýurduň iş toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeni-ynsanperwer ulgamlarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyklaryň orny barada belläp, taraplaryň wekilleri bilim, ylym we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyklary mundan beýläk hem ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny aýan etdiler.