Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowaň Koreýa Respublikasyna sapary

2019-njy ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen geldi.

Saparyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygy jenap Mun Hwi San, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň arasynda dostluk toparynyň başlygy jenap Park Deçul, Seul Milli uniwersitetiniň rektory Oh Sejung, Koreýa Respublikasynyň sanlaşdyrmak baradaky milli agentliginiň ýolbaşçysy jenap Mun Ýoň-şik, Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bilim ministri hanym Ýu Yn-he hem-de
«Şa Sejong» merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

         Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada we ony gelejekde has hem güýçlendirmek baradaky meseleleri belläp geçdiler. Seulda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri giňden ara alynyp maslahatlaşyldy, olaryň içinde ylym we bilim ulgamyna, hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly, koreý dilini öwrenmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, medeni çäreleri geçirmek hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça.