SEULDA TÜRKMENISTANYŇ RESMI BAÝRAMÇYLYKLARYNA BAGYŞLANYLYP DABARALY AGŞAMLYK GURNALDY

2015-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Seul şäheriniň “Grand Hyatt” myhmanhanasynyň “Regency Hall” banketler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy hem-de Hemişelik Bitaraplyk statusyna eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylyp dabaraly kabul edişlik gurnaldy.

Bu çärä Seuldaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurduň beýleki ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň resmi wekilleri, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle-de iri koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Umuman, dabaraly çärä gatnaşan myhmanlaryň sany 250-den gowrak adamdan ybarat boldy.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet senalary ýerine ýetirilenden soň myhmanlara giriş sözi bilen ýüzlenip Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Mämedalyýew çykyş etdi. Soňra Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, KR-iň Milli Diplomatik Akademiýasynyň Kansleri Ýun Dok Mina söz berildi.

Dabaraly kabul edişlik N.Halmammedowyň, M.Täçmyradowyň we beýleki türkmen kompozitorlaryň sazlary, şeýle-de Türkmenistanyň we onuň halkynyň häzirki durmuşy hakyndaky wideoşekiller bilen utgaşdy. Myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.    

Kabul edişlik tamamlanandan soň gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistan hakynda dürli žurnallar we beýleki neşirler, şol sanda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan köp tiražly iňlis dilindäki “Global Briefing” žurnalynyň we meşhur iňlis dilindäki “The Koreya Times” gazetiniň ýörite sanlary paýlanyldy.

 

Mundan başga-da şol gün “Grand Hyatt” myhmanhanasynyň esasy banket zalynyň öňünde ýerleşýän sergiler zalynda Ilçihana tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk statusyna eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilmegine hem-de Türkmenistanda 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan  suratlaryň sergisi gurnaldy.