TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR

2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Miheil Ninuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlyk hem-de parlamantara gatnaşyklaryň netijeliligi barada aýdylyp geçildi. 

Ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada gürrüň edilende Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň wajyp orny hem nygtaldy. Şunlukda, bu Toparyň çäklerinde döredilen Söwda meseleleri boýunça Iş toparynyň düýn geçirilen ikinji mejlisiniň netijeli geçirilendigi barada aýdylyp, onuň işine gatnaşmak üçin Gruziýanyň ýokary derejeli wekiliýetiň Aşgabat şäherine gelendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýalar we beýleki pudaklardaky hyzmatdalygyň şu wagtky ýagdaýyna hem-de geljegi uly ugurlaryna seredip geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar iki ýurduň hem-de halklaryn bähbidi üçin türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.