AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi.

Toparyň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Rahmatow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maslahatlaşyldy. Taraplar oba hojalygy, suw serişdeleri, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň üstünde jikme-jik durup geçdiler.

Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň derejesine seredip geçmek bilen, taraplar Türkmenistanda we Özbegistanda öndürilýän önümleriň, şol sanda, dokma, ýüpek, nebit-gaz we himiýa senagatynyň önümleriniň, oba hojalyk enjamlarynyň we awtoulaglaryň eksportyny ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, iki ýurduň arasyndaky ulag we üstaşyr ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we gümrük işlerini ýeňilleşdirmegiň mümkinçilikleri barada bellenilip geçildi. Taraplar “Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman” halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek barada Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, mejlise gatnaşyjylar bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň üstünde durup geçdiler. Bu ugurda Türkmenistanda we Özbegistanda guralýan halkara forumlara, maslahatlara we sergilere alymlaryň, hünärmenleriň, döredijilik toparlaryň gatnaşmaklarynyň ähmiýeti barada nygtaldy.

Mejlisiň ahyrynda, taraplar degişli Teswirnama gol çekdiler. Toparyň indiki mejlisi 2020-nji ýylda Daşkent şäherinde geçiriljekdigi barada ylalaşyldy.